«Altyn Asyr» futbol klubunyň resmi web saýty işe girizildi

Türkmenistanyň 8 gezek çempiony bolmagy başaran paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» futbol klubunyň resmi web saýty işe girizildi — www.altynasyrfk.com. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Täze döredilen saýtda paýtagtymyzyň toparynyň geçen futbol ýoly giňişleýin beýan edilýär. Onuň baş sahypasynda toparyň gazanan ýeňişleri taryhy suratlarda öz beýanyny tapýar.

Ýaryşlar bölüminde toparyň häzirki wagta çenli gazanan üstünlikleri barada jikme-jik gürrüň berilýär. Toparyň hünärmenleriniň tagallasy bilen işe girizilen saýtda «Altyn Asyr» topary bilen bagly gyzykly maglumatlar, şeýle-de oýunçylardan başlap, toparyň ýolbaşçylar düzümi bilen tanyşmaga hem giň mümkinçilik döredilipdir.

Mähriban AZADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok