Täze hasylyň düýbi tutulýar

Oba hojalygynda işler ýylyň dowamynda dynuwsyz dowam etdirilýär. Sebäbi medeni ekinleri ekmek, olara ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnamak ýaly her döwrüň özüne mahsus iş-aladasy ýeterlik bolýar. Şonuň üçin hem daýhan birleşiklerinde, hojalyklarynda ýerleri ekişe taýýarlamakdan başlap, tä hasyl ýygnalýança, daýhanlaryň işi kemelmeýär. Olara welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary kömege gelýärler. Şu günler hem olar gowaça hasylyndan boşan ýerlerde gyş sürümini ýokary depginde geçirýärler. Agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilişiniň gowaça hasylynyň mukdaryna we hiline täsir edýändigine gowy düşünýän mehanizatorlar traktorlara çatylan azallaryň topragy bellenilen çuňlukda agdarmagyny gazanýarlar. Bu bolsa atyzlaryň baharda gowaça ekişini geçirmek üçin kadaly taýýarlanylýandygyny aňladýar.

Häzirki wagtda welaýatlardaky kuwwatly sürüm traktorlar ýerleri sürmäge çekilýär. Traktorlar we olara çatylýan gurallar wagtynda gözden geçirilip, abatlanylýar. Hemişe bolşy ýaly, şaýlaryň ätiýaçlyk gory hem döredilýär. Tehniki taýdan kömek bermek üçin döredilen toparlar bolsa zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda traktorlary we olaryň gurallaryny ýerinde abatlaýarlar. Tehnikalaryň güýjünden doly peýdalanylmagynyň netijesinde sürüm geçirilen ýerler öz wagtynda tekizlenilýär. Şu günki alnyp barylýan işleriň depgini üstümizdäki ýylyň pagta hasylynyň düýbüniň kadaly tutulýandygyndan habar berýär. Bu bolsa gowaça ekişine çenli zerur bolan ýuwuş suwuny tutmaga, ondan soň topragy ýumşatmak ýaly işleri hem bellenilen möhletlerde geçirmek üçin oňyn şertleri döredýär.

Yhlas MÄHEKOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok