Halkara Žautykow olimpiadasy geçirildi

Golaýda, ýagny 8 — 13-nji ýanwar aralygynda Almaty şäherinde (Gazagystan) matematika, fizika we informatika boýunça XX Halkara Žautykow olimpiadasy geçirildi. Onda türkmenistanly mekdep okuwçylary öz bilimlerini görkezdiler. Bu olimpiýadada jemi 344 medal gowşuryldy. Olaryň arasynda türkmenistanly mekdep okuwçylary 1 kümüş we 7 bürünç medal gazandylar.

Olimpiýada Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrliginiň we Almaty Akimatynyň garamagyndaky «Daryn» respublikan ylmy we amaly merkeziniň howandarlygynda, Respublikan fizika we matematika mekdebiniň esasynda geçirildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, olimpiada dünýäniň 16 ýurdundan: Gazagystandan, Russiýadan, Ukraina, Belarussiýadan, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Ermenistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Bolgariýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan we Mongoliýadan 700-den gowrak mekdep okuwçysy gatnaşdy.

Aýna ATAGELDIÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok