Gurluşyk önümine isleg barha ýokarlanýar

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Bäherden etrabyndaky «Bäherden» sement zawodynyň önümleri bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, kärhanada öndürilýän bu gurluşyk önümine isleg barha ýokarlanýar.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen ýylda kärhananyň önümçiliginde ýokary görkezijileriň gazanylmagy-da şeýle diýmäge esas berýär. Has takygy, geçen ýyl bu ýerde ýokary hilli sementiň 1 million 3 müň 127 tonnasy öndürilip, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 102,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Bu görkeziji kärhanada geçen ýyl 2022-nji ýyldaka garanyňda 23 müň tonnadan gowrak önümiň köp öndürilendigini aňladýar.

Geçen döwürde kärhananyň ýokary hilli önümleri ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynda ulanyldy. Ýokary önümçilik görkezijileri kärhananyň agzybir işçi-hünärmenlerini «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda iş depginlerini has-da batlandyrmaga hyjuwlandyrýar.

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok