2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 481 million amerikan dollara deň boldy.
«2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 481 million amerikan dollara deň boldy» diiýp, Owganystanyň Senagat we söwda ministrliginiň wekili Ahundzada Abdul Salam Jawad aýdýar.
Senagat we söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, elektrik energiýasy, nebit we gaz Türkmenistanyň Owganystana amala aşyrylýan eksportynyň esasy bölegini düzýär. Owganystan bolsa, esasan, Türkmenistana mermeri, guradylan miweleri, ýeralmany we alkogolsyz içgileri eksport edýär. Şol bir wagtyň özünde Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasy Türkmenistanyň Owganystan bilen özara söwdada hemişe oňyn häsiýetli hyzmatdaş bolandygyny aýtdy.
«Türkmenistan, bir tarapdan Hazar deňzi bilen serhetleşýän, şol bir wagtyň özünde Gazagystan we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyk saklaýan döwlet. Bu ýurt bilen gowy gatnaşyklar Owganystana ykdysady bähbit getirjek üstaşyr ýükleriň artmagyna kömek edip biler» diýip, Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasynyň dolandyryş geňeşiniň agzasy Han Jan Alokozaý belläp geçýär.
Çemen BABAJANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler