Aşgabatda owgan önümleriniň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Degişli mesele Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow bilen Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nuruddin Aziziniň arasynda bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Owganystanyň Senagat we söwda ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşykda owgan önümleriniň Türkmenistana amala aşyrylýan eksportynyň artandygy bellenildi. Şu nukdaýnazardan taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagyň ýol kartasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, duşuşygyň gün tertibinden owgan telekeçileri üçin wiza bermegiň tertibini ýeňilleşdirmek, Aşgabatda owgan önümleriniň sergisini geçirmek we Owganystan bilen Türkmenistanyň işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak ýaly meseleler hem orun aldy. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň owgan mermerini import etmäge bolan gyzyklanmasy beýan edildi.
Ýeri gelende belläp geçsek, mundan ozal, Owganystanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda dolanyşygyny 1 milliard amerikan dollara ýetirmegiň meýilleşdirilýändigini mälim edipdi.
Kuwwat KERIMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler