Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy tamamlanyp barýar

Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mundan daşary, ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Türkmenabat böleginiň gurluşygyna hem girişildi.

Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary welaýatynyň çägindäki giriş-çykyş nokadynda bolup, bu ýerde ýol gurluşykçylar bilen söhbetdeş boldy we olara ýadygärlik sowgatlary berdi.

Gahryman Arkadagymyz täze ýoluň ýol belgileriniň döwrebap bolmagy, ulaglaryň hereketini gözegçilige alýan ulgamyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişelik gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly häzirki wagtda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň möhüm ähmiýetli iň uly ýol-ulag taslamalarynyň biridir.

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok