Türkmen halkynyň her bir güni toýdur-baýramlara şanly senelere beslenýär. Ynha üstünlikli tamamlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň hem her bir güni taryha altyn harplar bilen ýazyljak günlerden boldy. Bu ýylyň tamamlaýjy günlerinde bolsa hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň ýüze sylynmagy ýylyň iň şanly wakalarynyň birine öwrüldi.
Mähriban halkymyzyň, aýratynda biz ýaşlaryň ýankitabymyza öwrüljek hormatly Prezidentimiziň bu eseri ýurdumyzda öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda, möhüm meseleleri çözmekde ýaşlar üçin gymmatly gollanmadyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabynyň Gahryman Arkadagymyza sowgat berilmegi bütin türkmen halkyny, hususan-da türkmen ýaşlaryny örän begendirdi, buýsandyrdy. Bu kitabyň başynda hormatly Prezidentimiz: “Watana söýgi – halka söýgi. Bu ýöne bir döreýän jümle däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny durmuşyň özi görkezýär” diýip belleýär. Bu bolsa watana bolan, halka bolan söýgini ýene bir gezek kalbyňa guýýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz kitabynyň “Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly” atly bölüminde, “Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek” atly bölümlerinde ýurdumyzyň geljegi, ähli babatlarda garaşylmaly üstünliklerimiz üçin esasan ýaşlara uly ynam bildirilýänligini belleýär.
Biz hem hormatly Prezidentimiziň döwet galamynyň mundan beýläk-de ýiti bolmagyny, ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuwlap Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys. Biz ýaşlara şeýle ajaýyp sowgady peşgeş beren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, halkyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny wasp edýän kitaplarynyň höwri köp bolsun!
Maýa HEMRAÝEWA,
Çärjew etrabynyň Statistika
bölüminiň başlygy.
Teswirler