Türkmen suratkeşi halkara baýraga eýe boldy

Golaýda, iň uly surat jemgyýeti PST, CAPA we PSTw Halkara surat sungaty birleşiginiň (FIAP), Bütindünýä fotobirleşiginiň (GPU) we Amerikan fotografiýa jemgyýeti PSA-nyň howandarlygynda geçirilen nobatdaky halkara bäsleşigiň netijelerini jemledi. Bu bäsleşigiň abraýly emin agzalarynyň netijelerine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) fotohabarçysy, halkara ýaryşlaryň we sergileriň ýeňijisi Wýaçeslaw Sarkisýana kümüş baýragy gowşuryldy.

Bu suratçynyň meşhur eserlerine – milli türkmen egin-eşiklerine, şaý-seplerine, halylaryna, at esbaplaryna we beýlekilere berlen ilkinji baýrak däldir. Fotosurat eseriniň dört ýarym müň töweregini emin agzalaryna iberen 300-den gowrak suratçynyň işlerinden saýlanyp, şeýle baýraga eýe bolmagy watandaşymyz üçin aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, mundan öň Sarkisýanyň eserleri Russiýadan, Marokkodan, Hytaýdan, ABŞ-dan we Çehiýadan ýörite baýraklar bilen sylaglanypdy. Bu gezek ýaryşyň kümüş medalyndan başga-da W.Sarkisýan ýörite FIAP baýragyna – guramanyň gerbi we ýazgysy bolan hormatly lenta bilen sylaglandy.

Nurymuhammet ORAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok