“Dür däneler hem-de merjen monjuklar” atly kitapdan

Miras galjak iň ýagşy zat ylymdyr. Ylym bilen edilen amal abraý, mertebe getirer.


Ýagşylygy bilmezlik iň ýaman zatdyr.


Iň mäkäm gala sabyr bilen takatdyr, iň bähbitli amal köpçüligiň oňlan işidir.


Durmuşdan many almaýan melamata duçar bolar.


Nadan adam pursatlara bil baglar. Akylly adam bolsa zerurlyga görä döwlet gazanmaga ymtylar. Zerur sebäplerini, ýollaryny gözlemeseň öz-özünden hasyl bolýan arzuw ýokdur.


Nebsine uýan ýoldan çykar.


Eli açygyň ýoly açyk.


Kim bol berekedi bisarpa tutsa, betbagtlyk daňysyny çözer.


Synagdan öňürti dostuňa ynanma, taýynlykdan öňürti duşmanyňa topulma.


Kim seniň syryňy bilse döwletiňe eýelik etdigidir.


Ýalňyz pikir ýalňyşdyrar.


Haramzadalara ýagşylyk etseň döwletiň dagar.


Kimiň düşünjesi pes bolsa duşmany rüstem geler.


Jepbar HEMRAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok