Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna, olaryň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby her birimiz üçin gymmatly sowgat boldy. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabyndaky ýaşlar baradaky parasatly sözler halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Many-mazmuna baý bolan bu kitap watansöýüji, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Kitapda türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, ýurdumyzda ýaş nesillerdir körpe çagalar hakynda edilýän tagallalary aýdyň görmek bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe türkmen ýaşlary ylym-bilimde, medeniýetde, sungatda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda başarnyklaryny görkezip, Watanymyzyň abraýyny belende göterýärler. Yzygiderli aladanyň we goldawyň netijesinde, ýaş nesiller ýurdumyzyň döwlet-jemgyýetçilik durmuşynda öňdebaryjy orunlara yhlas bilen ymtylýarýar. Olaryň öňünde ähli gujur-gaýratyny, bilimlerini we başarnyklaryny ulanmak arkaly täze taryhy döwürde başy başlanan ägirt uly özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmek, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalary, geljegi uly taslamalary, meýilnamalary durmuşa geçirmek ýaly wajyp wezipeler durýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri, ata Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler yzygiderli döredilýär.
Aýgözel HALMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler