Watan ýaşlaryna daýanýar

Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň uly üstünlikler bilen jemlenýän günlerinde elimize gowşan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri her birimiz üçin kämil ýol-ýörelgedir, nusgalyk gollanmadyr. Kitabyň ilkinji sahypasynda döwlet Baştutanymyz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär. Bu sözleriň aňyrsynda ýaş nesle uly ynam bar. Döwletlilik ýolunyň tejribesi bar.

Kitabyň her bir jümlesi ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge, durmuşyň her bir pursadynda çelgi bolup, Watana, halka hyzmat etmegiň, kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmegiň beýik nusgasyny salgy berýär. «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitabynda nygtaýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitapda watansöýüji, belent adamkärçilikli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek işinde edebiýatyň ornuna, ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginiň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň kämil eserleriniň uly ähmiýetine aýratyn ünsi çekýär. Şunda ýurdumyzda ata-babalarymyzyň halypa-şägirtlik ýol-ýörelgeleriniň häzirki döwürde täzeçe many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy barada aýdylýar.

Jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji hasaplanylýan ýaşlaryň gazanan ýeňişleriniň aýdyň beýanyna öwrülen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasata eýlenen ajaýyp kitabynyň dowamy dowam bolsun!

Gözel ÇARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok