Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak baradaky geçirilen bäsleşik boýunça gelip gowşan teklipleri jemlemek hem-de «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany hakyndaky» Düzgünnamanyň taslamasyna gaýtadan seretmek boýunça Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagy geçirildi.
Ýygnagyň dowamynda Pudagara iş toparynyň agzalary tarapyndan «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak baradaky geçirilen bäsleşik boýunça hödürlenen 172 sany nyşanyň şekillerinden 5 sanysy saýlanyp alyndy we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli diýen netijä gelindi.
Şeýle hem Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany hakyndaky» Düzgünnamanyň taslamasy boýunça gelip gowşan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olary Düzgünnamanyň taslamasyna girizmek barada ylalaşyldy.
Gurban BEGALYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler