Täze elektrik bekedini ulanmaga bermek boýunça işler alnyp barylýar

Şu günler Daşoguzda täze elektrik bekediniň gurluşygynda gurnama işleri işjeň depginlerde alnyp barylýar. Şol işleri ýurdumyzyň energetika ministrliginiň «Türkmenergogurluşyk» konserniniň «Daşoguzenergogurluşyk» kärhanasynyň hünärmenleri alyp barýarlar.

Bu desga ahyrky netijede ýurtda bitewi energiýa halkasyny döretmäge mümkinçilik berjek «Balkan-Daşoguz» howa elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşyk taslamasynyň çäklerinde bina edilýär. Täze beket elektrik energiýany, şol sanda Daşoguzda ýerleşýän iri döwlet elektrik stansiýasyndan hem alynýan energiýany özleşdirmäge hem-de paýlamaga hyzmat eder. Ol ýurdumyzyň bitewi energiýa ulgamynda aralyk böleginiň wezipesini ýerine ýetirer.

Beket birnäçe transformatorlardan, paýlaýjy we dolandyryjy enjamlardan, kömekçi desgalardan ybaratdyr. Desga ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň çäklerinde bina edilýän 500 kWt-lyk şonuň ýaly beket bilen birleşdiriler.

Energetika ulgamynda birnäçe möhüm taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzir Daşoguz welaýatynyň içerki sarp edijileri ýokary hilli energiýa bilen üpjün edýän ösen infrastruktura eýedigini bellemek gerek. Elektrik energiýanyň bökdençsiz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek, sebitiň tutuş energiýa ulgamynyň kuwwatlylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Annamuhammet BERDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok