Gyşda başgap geýmeseň, ýüze çykyp biljek meseleler barada

Gyş möwsüminde başgap geýmezlik şu aşakdaky ýaly kesellere getirip bilýär.

Gulak keselleri. Başgap geýmezlikden iň ozaly bilen gulaklar ezýet çekýär. Heý, ömrüňizde gulak agyrysyna ýoluganyňyz barmy? Ynanyň, bu kesel iň ýakymsyz hem agyryly kesellerden biri. Gulaklar sowuk temperaturany hoşlamaýan beden agzasy hasaplanýar. Şu sebäpli hem sowuk howada başgapsyz gezmek eşidiş ýollaryndaky, nerw ulgamynyň işiniň bozulmagy bilen bagly ýagdaýlara sebäp bolýar. Munuň ýaly keseller uzak wagt bejergä, käbir halatlarda gulaklaryň kadaly eşitmezligine hem eltip bilýär.

Immunitet bilen baglylykda. Eger-de sagdyn bolsaňyz, +7°C maýyl howada başgapsyz gezmek bolar. Eger-de ýakynda dümew ýa-da şonuň ýaly wirusly kesellerden bejergi alan bolsaňyz, munuň ýaly howada hem başgapsyz köçä çykmak bolmaýar. Çünki öňden gowşak ýagdaýda bolan immunitet bilen haýsydyr bir kesele duşmak howpy ýokarydyr. Tiz-tiz kesele ýolukmaklygyň bolsa, ýokançly we agyr görnüşdäki hassalyklara eltmegi ikuçsuzdyr.

Dogrudan hem, oýlanyp görüň! Onda-da aýal-gyzlaryň gyşda başgapsyz gezip, minengit bilen kesellemeklik howpy ýokarydyr. Elbetde bu kesele sebäp bolýan başga zatlar hem bar. Emma sowuk günde kelläniň sowuklamagy bu sebäpleriň iň birinjisidir. Minengit öte howply kesel hasaplanyp, agyr beden bozulmalaryna getirip bilýär.

Ýüzümizdäki nerw ulgamynyň işiniň bozulmagy. Halk arasynda «Jyn kakyp, gyşarypdyr» diýen aýtgydaky «jyn» sowuk şemaldyr. Sowuk howada buz ýaly şemal ýüz myşsalaryna güýçli täsir edip, ýüzümiziň nerw ulgamynyň newralgiýasyna sebäp bolýar. Belki bu ýagdaý size tanyşdyr, diýseň, ýakymsyz ýagdaý. Bu keseliň bejergisi hem kyn geçýär we öz yzyny galdyrýar.

Saçlaryň dökülmegi. Hawa, owadan saç bezegine dözmän, bütinleý saçsyz galmak hem mümkin. Sowuk howa kelledäki gan aýlanyşygynyň bozulmagyna we saçyň gurluşyna ters täsir edýär. Saçyň düýbündäki damarlar sowuklap, saçlaryň döwülmegine we dökülmegine getirýär.

Saç bezegiňiziň bozulmazlygyny isleseňiz, düzüminde sintetika azrak bolan başgap satyn alyň we saglygyňyzy we saç bezegiňiz bilen bilelikde goraň!

Eziz AMANGELDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok