Futbolda kelle urgusy zyýanlymy?

Newropotolog lukman çagalaryň futbol topuna kelle urgusyny amala aşyrmaklary zerarly beýnileriniň şikes alyp biljegi barada mälim etdi.

Boston uniwersitetiniň newropotology doktor Enn Makkiý ABŞ-nyň futbol federasiýasynyň ýetginjekler ligasynda futbol oýnaýan 16-18 ýaş aralygyndaky 24 sany ýetginjekde barlag geçirip, olaryň beýnisiniň ösüşini gözegçilikde saklady. Möwsümiň soňunda, gözegçilikde saklanýan ýetginjekleriň beýnisinde şikes alamatlarynyň ýüze çykyp başlandygy anyklanyldy. Doktor Enn Makkiý BBC habarlar gullugyna beren beýanatynda: «Beýni doly bekemänkä, boýun oňurgalary ösüş prosesindekä, topa kelle urgularyny amala aşyrmak – saglygyňa töwekgellik etmekdir» diýýär.

Angliýanyň West Bromwiç Albion futbol toparynyň ozalky hüjümçisi Jeff Astle 2002-nji ýylda 59 ýaşynda aradan çykýar. Tarpa-taýyn ömür tanapy kesilen futbolçynyň ölüminiň sebäbi hökmünde başga bir diagnoz goýlupdy. Şu ýylyň başynda bolsa doktor Willi Stuýort tarapyndan Astleniň beýnisi täzeden analiz edilip, adatça boksçularda gabat gelýän beýin şikesi zerarly aradan çykanlygy anyklanyldy. Doktor, şeýle şikesiň beýleki futbolçulara-da täsirini ýetiren bolmagynyň ähtimaldygy barada belläp geçdi.

Angliýa, Şotlandiýa, Demirgazyk Irlandiýa ýaly ýurtlaryň Futbol federasiýalary 12 ýaşa ýetmedik çagalara futbol türgenleşiklerinde kelle urgusyny gadagan etdi. Şeýle karara UEFA-nyň Saglyk komiteti bilen bilelikde gelindi. Ýakyn wagtda beýleki ýurtlaryňam şu karara gelmegine garaşylýar. Kelle urgusy 12-16 ýaşly çagalaryň arasynda hem çäklendiriler. Bu çäklendirmeleriň diňe türgenleşiklere degişlidigini, resmi futbol ýaryşlaryna dahylly däldigini aýratyn nygtamalydyr.

Eziz GYLYÇDURDYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok