Ýurdumyzyň täze taryhy döwri ösüşlere we özgertmelere beslenýär. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda guwandyryjy sepgitlere ýetilýär, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Şeýle ösüşdir özgertmeler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän belent maksatly tutumlaryň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda 185 döwletiň goldamagynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy degişli Kararnamany kabul edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ikinji gezek ykrar etdi. Bu Kararnamada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitiň ýurtlary we beýleki döwletler bilen parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigi, Türkmenistanyň işjeň we oňyn orny eýeleýändigi bellenilýär.
Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu bolsa dünýäde ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan döwlet hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny barha belende galdyrýar.
Umuman, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülýär. Halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitde durnuklylygyň saklanmagyna hyzmat edýändigi bagtyýar watandaşlarymyzy çäksiz buýsanja besleýär. Hemişelik Bitaraplygymyz berkarar döwletimiziň ynsanperwer syýasatyny, parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny älem-jahana dabaralandyrýar.
Ezizhan AHMEDOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler