Dünýädäki adamlaryň akyl ýetirip bilmejek täsinlikleriniň biri hem adamlaryň barmak yzlarynyň biri-birine meňzemeýänligidir. Ynsanlar doglanda barmak yzlary dürli-dürli şekilde dogulýarlar. Olaryň barmak yzlary ene garnynda şekillenýär we ömürboýy bir durkunda galýar. Bilermenler iki adamyň barmak yzlarynyň birmeňzeşliginiň ortaça 64 milliard adamdan bolaýmak ähtimallygynyň bardygyny aýdýarlar. Häzirki wagtda dünýäde 7 milliard töweregi adam ýaşaýar.
Adamlaryň barmak yzlary genetika taýdan tapawutlanýar. Şol sanda ekizleriň barmak yzlary hem biri-biriniňkiden tawaputlydyr.
Öňki döwürlerde adamlar öz şahsyýetini ykrar etmek üçin syýadan peýdalanyp, möhür hökmünde barmak yzlaryny ulanypdyrlar. Häzirki döwürde bolsa adamlaryň barmak yzlary tehnologiýa enjamlarynyň üsti bilen degişli ýerlerdäki maglumatlary goramak üçin, hukuk kadalaryna laýyklykda tassyklanylyp, adatdan daşary ýagdaýlarda şahsyýeti anyklap, ýüze çykarmak üçin hem ulanylýar.
Mähri PARAHADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler