2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Halkymyzyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň edebiýatyna özüniň ýene bir ajaýyp goşandyny goşdy. Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlap “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly döreden bu şirin şygry türkmen halkymyza, ilkinji nobatda, milli edebiýatymyza ýapylan serpaý boldy.
Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berip: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi – türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi» diýip belleýär.
Ajaýyp ömrüni we döredijiligini halkymyzyň berkarar döwletde ýaşamagyny arzuwlap ýazan çuňňur many-mazmunly goşgulary bilen ynsan köňlünde öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi biziň günlerimizde täze röwüşde has-da giňden öwrenilýär. Ussadyň asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten goşgulary, ynsan köňlüniň nagşy bolup, bu günki günde bütin adamzadyň ruhy mirasyna öwrülýär.
Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň şunuň ýaly belent derejede tutulmagy şeýle-de bu ýylymyzyň hem hut akyldar şahyrymyz bilen baglanyşykly “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň akyldar şahyrymyza belent sarpa goýýandygynyň, beýik akyldaryň döredijiligine iňňän ýokary baha berýändiginiň subutnamasydyr.
Türkmen halkynyň edebi mirasyny uly üns we alada bilen gurşap alan türkmen alymlarynyň Magtymguly baradaky pikirlerine giň ýol açan hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Sona ARAZGELIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler