Adamzat durmuşynyň esasy sütünleriň biri-de ylym-bilimdir. XXI asyryň başlangyjy ylmyň we tehnikanyň batly depginler bilen ösýän döwri boldy. Şeýdip adamzat täze ösüş eýýamyna gadam basdy, ylym-bilime atlanyp, arşa çykdy. Biziň ata-babalarymyz: “Ýaşkaň bilim almaly, garrylykda ony ile paýlamaly. Dünýäde iň ýagşy zat ylymdyr. Ylym akyl-paýhas bolmasa, baýlyk hem bolmaz. Ylymly ýurt ozar, ylymsyz ýurt tozar” ýaly paýhasy özlerine ýol-ýörelge edinip, ylym-bilime aýratyn göz bilen garapdyrlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly bilimli bolmaklary barada bu ulgamynda ägirt uly işler alnyp barylýar. Batly depginler bilen ösýän eziz diýarymyzyň milli bilim ulgamy dünýä derejesine çykdy. Mähriban diýarymyzda döwrelaýyk bilim edaralary, okuw mekdepleri, çagalar baglary gurludy, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyryldy. Bu sogaply we haýyrly işler häzir hem dowam etdirilýär. Eziz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Sagdyn durmuş ýörelgesi jemgyýetimizde giňden ornaşdyrylýar. Mähriban Alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: ,,Ylym hem-de bilim halkymyzyň eşretli dumuşynyň, bagtyýar geljeginiň gözbaşydyr”. Gahryman Arkadag Atamyzyň sanly bilim ulgamyna ak pata bermegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ylym-bilim syýasaty bu ulgamy ösüşleriň beýik ýoluna atardy.
Gahryman Arkadag Atamyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ylma, bilime edilýän howandarlyk biz ýaşlary buýsandyryp, okuwlarymyzy oňat okap, ýokary netijeleri gazanmaga we täze üstünliklere ýetmäge borçlandyrýar.
Aýjahan AZADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Energo-tehnologiýa
fakultetiniň talyby.
Teswirler