Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Berkararlyk döwrüniň eşret nuruny boldan eçilýän günlerinde ýurdumyzda hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Ýaşlary halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer, ahlak ýörelgeleriniň esasynda watansöýüjilik ruhunda, şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine laýyk derejede terbiýelemek täze taryhy eýýamda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şunda ýaş türkmenistanlylaryň milletimiziň baý taryhy-medeni mirasyna bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesilleri terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli ýetirilipdir. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşmek, jogapkärçilik, özbaşdaklyk ýaşlarda irki döwürlerden başlap kemala getirilýän häsiýetlerdir. Çagalyk döwründe alnan terbiýe şahsyýetiň kemala gelmeginiň we doly derejeli, döredijilikli durmuşynyň pugta binýady bolup durýar. Hut şonuň üçin-de, ýurdumyzda ýaş nesilleriň abadançylygynyň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Häzirki zaman multimedia enjamlary bilen üpjün edilen çagalar baglarydyr mekdepler, sagaldyş we dynç alyş merkezleri ösüp gelýän ýaş nesilleriň ygtyýaryndadyr.
Ýokary hünärli, täzeçil pikirlenip bilýän, giň dünýägaraýyşly we zerur hünär bilimi bolan hünärmenleri taýýarlamak täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipelerdir. Türkmenistanda bu ugruň ösdürilmegine döwlet goldawy berilýär, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, olaryň gerimini giňeltmek üçin mümkinçilikler döredilýär, ugurdaş düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň döredijilik hem-de sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanmaklary üçin-de ajaýyp mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary geljek nesillere geçirmek ýörelgeleri bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda ýaş maşgalalara goldaw bermek boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşmaga gyzyklanmasy ýokary bolan ýaşlaryň işjeň we jogapkärçilikli durmuş ýörelgesi olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän alada mynasyp jogaby bolup durýar.
Jennet AGAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler