Watansöýüjilik — ýaşlaryň ýaraşygy

Her bir halk dünýäde özboluşly aýratynlyklara eýedir. Biziň türkmen halkymyz bolsa Watansöýjüligi, sypaýylygy, myhmansöýerlik ýaly belent adamkäçilik sypatlary bilen dünýäde giňden tanalýar. Ata-babalarymyzyň: “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz” diýişi ýaly, taryh sahypalaryna ser salanymyzda türkmen halkynyň kynçylykly döwürlerde-de öz nesillerini watansöýji, oňa wepaly edip ýetişdirendiklerine janly şaýat bolýarsyň. Pederlerimiz: “Ser bereris, ýer bermeris” diýip, Watany janyndan ilerde goýupdyrlar. Paýhas çeşmesi kitabynda mähek daşy ýaly agramly, çuň many-mazmuma eýe bolan: “Atany söýen, Watany söýer” , “Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy” , “Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan – ölinçä” ýaly nakyllar bar.  

Watan mukaddesligi barada näçe ýazylsa-da, aýdylsa-da waspy bäden gaýdýar. Sebäbi, mukaddes zatlaryň tarypyny etmek hiç wagt ýadatmaýar. Gahryman Arkadagymyzyň Watan mukaddesligi, onuň ýeke-täkligi baradaky “Watany söýmek iň beýik söýgüdir”, “Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr”, ”Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň beýik gelejeginiň, halkymyzyň we adamzadyň bagtyýarlygynyň, dünýäniň parahatçylygynyň bähbidine hyzmat etmek uly mertebedir”, “Beýik Watanymyzyň berkararlygy, keremli topragymyzyň mähribanlygy biziň hemmämiz üçin iň mukaddes gymmatlykdyr” ýaly setirleri biz ýaşlar üçin nusga alarlyk keramatly jümlelerdir.

Taryhda gaýduwsyz pederlerimiziň Watanymyzy näderejede mukaddes saýandygyny öwreneniňde Mähriban Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz aladalary bilen şöhraty arşa ýeten ýurdumyza buýsanjymyz artýar, öz mähriban Watanymyza hyzmat etmek, ony beýgeltmek hakda oýlanýarsyň.

Eziz AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Energo-tehnologiýa
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok