Türkmenistan “Global Gateway” maýa goýum forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti 29-30-njy ýanwarda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumyna gatnaşar.

Forumyň çäklerinde «Türkmenistanyň ulag toplumynyň maýa goýum mümkinçilikleri» atly plenar ýygnagy guralar. Çäräniň çäklerinde Ýewropanyň birnäçe kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen gepleşikleri, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň ulag toplumy ýurduň ykdysady ösüşiniň we halkara hyzmatdaşlygynyň esasy hereketlendirijisine öwrülýär. Bu ösüşiň esasy başlangyjy yzygiderli ösýän Hazar halkara ulag ýoly we beýleki yklymara ugurlar boýunça gatnaşyjylaryň hemmesine uzak möhletleýin girdeji getirýän maýa goýumlar bilen berk baglanyşyklydyr.

Aýperi ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok