Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybir, garaşsyz, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr. Ol döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrdy.
Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli-dürli taraplaryny öz içine alýar. Ol türkmen şahyrlarynyň köpüsiniň halypasydyr. Magtymguly öz döwürdeşlerine we özünden soňky ýetişen şahyrlaryň döredijiligine özüniň uly täsirini ýetiripdir. Onuň eserleri türkmenleriň örän baý halk döredijiligi hem-de gündogaryň ýazuwly edebiýaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol halkynyň diline daýanmak bilen, ondan dilewarlygy we sadalygy öwrenipdir, dili ösüş we göreş guraly hökmünde ulanypdyr. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrypdyr.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, ata Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesil Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2024-nji ýyl ,,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy’’ diýlip atlandyryldy.
Atadurdy ÝAZGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler