Täze guýulardan tebigy gazyň senagat akymy alyndy

“Türkmengaz” döwlet konserniniň gazçylary 2024-nji ýyly uly zähmet üstünlikleri bilen garşy aldylar. “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň burawçylary Mary welaýatynda ýerleşen Ýylan gaz känindäki N2 ulanyş-bahalandyryş guýusyndan tebigy gazyň senagat akymyny aldylar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sebitlerinde tebigy gazyň täze känlerini açmak, olary senagat taýdan özleşdirmek, şeýle hem uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak boýunça anyk wezipeleri goýýar. “Türkmengaz” DK tarapyndan işlenilip düzülen Maksatnamalaýyn meýilnama laýyklykda, “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň gazçylary birwagtda üç sany täze gaz käninde buraw işlerini ýola goýdular. Olar Mary welaýatynda ýerleşen Şerepli, Kelleli, Ýylan känleridir. Ulanyş-bahalandyryş guýularyny burawlamagyň netijesinde tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy. Şeýlelikde, 2856-dan 2852 metr aralykda Ýylan känindäki N2 guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu gazçylaryň birnäçe aýlap yhlasly zähmetiniň netijei boldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, guýudan her günde sekiz ýüz ýigrimi müň kub metr töweregi tebigy gaz çykarylýar. Şol bir wagtda täze gaz käniniň önüminiň esasy ýaratynlygy “mawy ýangyjyň” düzüminiň arassalygydyr, düzüminde kükürt wodorod garyndysynyň ýoklugydyr. Bu guýudan çykarylýan tebigy gazyň dünýä standartlaryna laýyklygyny şertlendirýär.

Akmyrat GÖBEKOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok