Ýurdumyzyň her welaýatynda 1000 megawata golaý energetika desgasy hereket edýär

Türkmenistan elektroenergiýa baýlyklaryna baý  döwletleriň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda bolsa her welaýatda 1000 megawata golaý ýa-da ondan hem ýokary energetika kuwwatlykly düzümler hereket edýär. Elektroenergetika senagaty ýurdumyzda senagatyň esasy pudaklarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda 8 sany elektrik stansiýa hereket edýär. Olaryň 4 sanysy ýagny, Mary, Büzmeýin döwlet elektrik stansiýalary we Türkmenbaşynyň hem-de Seýdi ýylylyk elektrik merkezleri Garaşsyzlygymyzy almazymyzdan öň hem hereket edýärdi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde elektrostansiýalaryň kuwwatlylygy 3106MWt ýetdi. Bu diňe bir ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösýän isleglerini doly üpjün etmän, eýsem elektroenergiýanyň eksportynyň göwrümini ymykly artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň esasyny tebigy gaz bilen işleýän ýylylyk elektrik stansiýalary düzýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika ulgamynyň düzüminde 8 sany elektrik stansiýasy hereket edýär olara: Marynyň DES-i ( döwlet elektrik stansiýasy), Aşgabadyň DES – i, Abadanyň DES-i, Balkanabadyň DES-i, Daşoguzyň DES-i, Türkmenbaşynyň ỲEM-i-2 ( ýylylyk elektrik merkezi), Türkmenabadyň ỲEM-i, Seýdiniň ỲEM-i degişlidir.

«Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, 7 ýyldan gowrak döwrüň içinde ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda elektroenergetika pudagy uly üstünliklere ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň badalga bermeginde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde birnäçe täze desgalaryň düýbi tutuldy. Oňa mysal edip, Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasy agzamak bolar. Mundan başgada Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy dowam edýär.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda energetika pudagynyň ähmiýetiniň uludygyny alnyp barylýan işlerden hem görmek bolýar.

Döwran Esenow,
Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok