Türkmen wekiliýeti Dag magdany boýunça üçünji halkara foruma gatnaşdy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 9-11-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şaherinde geçirilen Dag magdany boýunça üçünji halkara sergi-maslahatynyň işine gatnaşdy.

Çäräniň çäklerinde Türkmen wekiliýeti ministrler derejesinde geçirilen tegelek stoluna we dürli mowzuklaýyn mejlislerip işine işjeň gatnaşdy. Mejlislerde dag magdan önümçiliginiň gelejegi hem-de önümçiligiň tebigata ýetirýän zyýananyň aňrybaş derejede azaldylmagy boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Mundan başga-da, Türkmen wekiliýeti sergä gatnaşmak bilen, özüniň isleg bildirýän hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi bar bolan ugurlar boýunça degişli şereketleriň wekilleri bilen göni aragatnaşygy ýola goýdy.

Atajan HYWALYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok