Mähriban Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda ýatlaýşy ýaly, ýaş Mälikgula şahyr diýip ýüzlenenlerinde, onuň: «Ýok-la, men şahyr däl. Kakamyň: «Magtymguludan soň türkmende men şahyr diýip öňe çykmak örän kyn düşer. Onuň üçin Hudaýtarapyn bir halatly bolmaly» diýmesi hem Magtymguly Pyragynyň mertebesiniň türkmen halkynyň arasynda näderejede belent tutulýandygyny görkezýär.
Watana, Watan üçin beýik işlere söýgi ýürekde ornanda, ol nesilden-nesle geçip, beýik işlere öwrülýär. Beýik akyldaryň jemgyýetde geçýän özgerişlere manylaýyn täsiriniň hem anyklanmagy gerek. Şeýle edilende Magtymguly şahyryň ynsaply ýaşaýyş taglymatynyň diňe bir geçmişde däl, eýsem, jemgyýetimiziň şu günki ösüşinde bolup geçýän özgerişlere onuň gymmatlyklarynyň edýän täsirini bahalamaga mümkinçilik berer. Ine, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň akyldaryň hormatyna döredilýän topluma baranda: «Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy asman bilen Zemin arasyndaky beýik ýadygärlik bolmalydyr. Onda türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuň taryhy kökleri we häzirki döwürde bitirilýän asylly işleriň belentligi öz beýanyny tapmalydyr. Toplum akyldar şahyryň hut özüniň äleme nusgalyk şygryýet dünýäsi ýaly ajaýyp we kaşaň bolmalydyr» diýen sözleri munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşine görä Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr. Bu gün türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň arzuw eden döwründe bagtyýar ýaşaýar.
Jemal DÖNMEZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler