Tennisiň taryhyndan

«Gazon tennisi» diýlip atlandyrylýan oýun Angliýanyň Birminhem şäherinde oýlanyp tapylýar. Şondan soň bu şäher tennisiň watany hasaplanylýar. Häzirki wagtda bu oýun Angliýada uly meşhurlyk gazandy. Oňa häzirki nesil «hakyky tennis» ýada «patyşa tennisi» hem diýýär. Tennis özüniň birnäçe çylşyrymly düzgünleri bilen sportuň 2 bolup oýnalýan görnüşine degişlidir.

Käbir taryhçy alymlaryň aýtmaklaryna görä, tennisi XII asyrda Fransiýanyň demirgazygynda özbaşdak ýaşaýan monahlylar oýlap tapypdyr, ýöne olar topy elleriniň aýasy bilen atýan ekenler, şonuň üçin hem ony «Aýaň bilen oýnalýan oýun» diýip atlandyrypdyrlar. Bu düzgün diňe XVI asyra çenli dowam edipdir, şondan soňra ketkalar ýasalyp, ulanylyp başlanypdyr we muňa «Tennis» diýip at beripdirler. Soňabaka oýun Angliýada we Fransiýada meşhurlyk gazanyp başlaýar.

Taryhy çeşmelerde berilmegine görä, Angliýanyň şasy Genrih VIII hut şu oýnuň muşdagy, jan köýeri bolupdyr. Tennis oýnamak üçin ýörite meýdançalar gurlupdyr. Yzygiderli oýnalýan meşhur tennis meýdançalaryna Oxford, Kembrij, Falkland meýdançasy, şeýle hem Meri şagyzynyň meýdançasy degişlidir.

Tennis oýny döwrebap oýun hasaplanylýar. Häzirki wagtda dünýäniň millionlarça adamlary sportuň şu görnüşi bilen meşgullanýar. Tennis häzirki wagtda Olimpiýa oýunlarynyň hatarynda durýar.

Arzygül HALABOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok