Eýýam 111 ýyl bäri hereket edip gelýän Murgap jülgesiniň gadymy desgalarynyň biri bolan Hindiguş suw elektrik stansiýasy «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabyna girizildi. Ulanylyşa girizilen wagtyndan bäri hereket edip gelýän bu desga häzirki wagtda taryhy ýadygärlik hökmünde hereket edýär.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda eden çykyşynda Murgap derýasynyň ugrunda ýerleşen bu desga barada gürrüň edip ony «tehniki pikiriň ýadygärligi» diýip atlandyrdy.
Häzirki wagtda hem ähmiýetini ýitirmän gelýän bu stansiýanyň gurluşygy 1909-njy ýylda başlanyp, 1913-nji ýylda ol doly işe girizilipdir. Bu desga Baýramaly şäherinde ýerleşen patyşa mülküne, şeýle-de ol ýerdäki pagta arassalaýjy zawoda we ýag kombinatyna elektrik toguny bermek maksady bilen bina edilipdir. Şol döwürde hereket edýän bug we nebit dwigatelleriniň ornuny çalşan stansiýa Murgap derýasyndaky Hindiguş bendinden inýän suwuň güýji bilen hereket edipdir.
Şol döwürde tutuş Russiýa imperiýasynda iň kuwwatly desga hasaplanýan suw elektrik stansiýada her biriniň kuwwaty 0,4 MWt bolan 3 sany gidroturbina oturdylypdyr we olar Wengriýanyň «Ganz» firmasy tarapyndan öndürilipdir. Desga ulanylyşa girizilen gününden bäri kadaly işläp gelipdir we 1980-nji ýylda ýeňil bejergi işleri geçiripdir.
Öz üstünden 1 asyr geçiren agaç şkaflaryň, stollaryň, demir oturgyçlaryň we beýleki mebelleriň arassalygy, abatlygy, ýerdäki kafelleriň durkuny ýitirmedigi bu ýere baryp görenleri haýran edýär. Megerem Gahryman Arkadagymyzyň bu desgany «Özboluşly muzeý» diýip atlandyrmagy-da hakykata laýyk bolsa gerek.
Şyhdurdy Rejepow,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler