“Ýaşyl ykdysadyýet” näme?
Ýaşyl ykdysadyýet – bu daşky gurşawyň hapalanmagyny we ekologiki howplary azaldýan ykdysadyýetiň bir görnüşidir. Onuň esasy maksady bolsa daşky gurşawy hapalamazdan durnukly ösüşi gazanmakdyr.
Ýaşyl ykdysadyýet konsepsiýasynda bellenilişi ýaly, häzirki döwür zemine howp salýan ekologik-ykdysady ýagdaý, hereket edýän ösüşiň tehnogen görnüşini ekologiýa deňagramlylygy durnukly saklaýan görnüş bilen çalyşmagy talap edýär.
Häzirki zaman adamzadyň tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmegi ýaşyl ykdysadyýetiň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri boldy. Dünýä ýüzünde daşky gurşawy arassalamak, goramak we gaýtadan dikeldiş işlerine uly möçberde serişde goýberilýär. Biziň ýurdumyzda hem eýeçiligiň dürli görnüşlerine garamazdan, hereket edýän we täze gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda howanyň hapalanmazlygyny gazanmak maksady bilen hem-de alternatiw energiýa çeşmelerini ulanmaklyga ýykgyn edilýär.
Ýurdumyzda hereket edýän şeýle taslamalara mysal edip Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Owadandepede gurlan ECO-93 benzin öndürýän zawodyny agzamak bolar. Bu zawod kämil tehnologiýalaryň kömegi bilen enjamlaşdyrylan bolup, dünýäde gazdan ekologik taýdan arassa benzin öndürýän ilkinji zawoddyr. Bu zawodda EURO-5 standartyna laýyk gelýän ekologik taýdan arassa ECO-93 sintetik benziniň 600 müň tonnasy we 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy 1 ýylda öndürmäge ukyplydyr.
Mundan başga-da ýurdumyzdaky hereket edýän kärhanalarda howa arassalaýjylary ornaşdyryldy, ýollaryň, ýodalaryň gyrasyna bag nahallary ekilip ekologiýa deňagramlylygy sazlamak, ulaglardan çykýan uglerod oksidi (CO), kömürturşy gazynyň (CO2) möçberini azaltmak ugrunda çäreler alnyp barylýar.
Orazdursun Gullykowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Teswirler