“Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna Hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitap biz ýaşlara işde, okuwda, döredijilikde ýakyn gollanma bolar. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin ýaşlara uly ynam bildirilýär. Halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyz, Milli Liderimiz talyp ýaşlar bilen duşuşyklary yzygiderli geçirmeginiň zerurlygy hut şunuň bilen şertlendirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýokary ahlaklylygyň hem-de eziz Watanymyza we halkymyza çäksiz söýginiň belent nusgasyny görkezýär.
“Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” kabul edildi. Onuň çäginde kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär.
Ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmäge, häzirki taryhy döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many- mazmunyny açyp görkezmäge uly üns berilýär.
Ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlaryny üstünlikli amala aşyrmakda, biz hem öz gezegimizde halypaçylyk sagatlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara sowgat beren “Ýaşlar -Watanyň daýanjy” kitabyndan ugur alyp okarys, dörederis, jan aýaman zähmet çekeris!
Nasiba HAÝTMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler