TÜRKMENISTANYŇ DEMIRGAZYK-GÜNORTA DEMIR ÝOLUNY SÜÝŞÝÄN ÇÄGELERDEN GORAMAK (GAZAGYSTAN-TÜRKMENISTAN-EÝRAN)

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren giň möçberli ähli durmuş-ykdysady taslamalarynda ýol gurluşyk maksatnamalary we ekologiýa howpsuzlygy doly göz öňünde tutulýar. Bu maksatnamalar ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hereket edýän demir we awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek, olary döwrebaplaşdyrmak, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almak, kämil tilsimatlary we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda ýol gurluşyk maksatnamalaryny amala aşyrmak maksady bilen ýokary tizlikli, ygtybarly we durnukly ýollaryň gurluşygyna badalga berildi. Ýol ulgamlary gurlanda esasan çäge süýşmelerinden, ýagny ýel eroziýasyndan goramagyň zerurlygy häzirki döwürde esasy meseleleriň biri bolup durýar.

2019-nji ýyllardan bäri Demirgazyk-Günorta (Gazagystan-Türkmenistan-Eýran) demir ýolunyň ugrundaky çägeleriň hereketi boýunça gözegçilik amala aşyrylýar. Şol sebitiň 3D modelli kartasy çyzyldy. Ýol ulgamlaryny goramak üçin çöl-çäge ýerleri özleşdirmegiň ähli tapgyrlaryny, gözleg taslama, gurluşyk we ulanyş döwründe özünde saklaýan çäreler toplumlaryny göz öňünde tutulmagy zerurdyr. Ýol ulgamlaryň daşky gurşawyny çäge süýşmelerinden goramak, ekologiýa taýdan arassa biologik gorag zolagynyň emele getirilmegi we ony döretmegiň ylmy taýdan doly esaslandyrylan usulyýetiniň önümçilige ornaşdyrylmagy Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda hem-de bütin dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde alyp barýan maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde belli bir derejede ýardam berer.

Şu nukdaýnazardan aşakdaky jemlemeleri hödürlemegi makul bildik:

  1. Dürli görnüşdäki täze edebiýatlardan, topografik we beýleki tematiki kartalardan gerekli maglumatlar alyndy, demir ýoluň relýefiň haýsy şekillerini kesip geçýändigi we bolup biljek bozulmalary anyklandy.
  2. Demir ýol üçin iň möhüm görkezijileriň biri bolan – ýer üstüniň dilkawlanyş derejesine häsiýetnama berildi.
  3. Bereket – Serhetýaka aralygynda demir ýoly çäge syramak hadysasyndan goramaga degişli ýerler hemmetaraplaýyn öwrenildi. Bu aralykda landşaft taýdan tapawutlanýan esasan dört etrap belli edildi. Sowrulma hadysalarynyň işjeňligi bu etraplarda birmeňzeş däldigi ýüze çykaryldy.
  4. Demir ýoluň ugrunda ýerleşen meteobeketleriň maglumatlary esasynda, gözýetimiň 16 sany ugry boýunça ýel bilen göçüp biljek çägäniň mümkin bolan göwrümi kesgitlenildi.
  5. Geçirilen barlaglar netijesinde demir ỳola çägäniň has güỳçli syraỳan meýdanlary aỳan edildi, degişli göreş çäreleri işlenilip düzüldi, amaly teklipler taýýarlanyldy we 3D kartasy çyzyldy.
  6. Demir ỳoluň Bereket-Burgun aralygynda bozulan toprak we ösümlik örtügini ozalky kaddyna getiriş çäreleriniň ỳerine ỳetirilişi öwrenildi we onuň geçirilişindäki kemçilikler ỳüze çykaryldy, degişli maslahatlar berildi.
  7. Demir ỳoluň ugrunda duş gelýän gyrlardaky we çulbalardaky maýdalanan maddalary çäge syramak howpy bar bolan ýerlerde ulanmak teklip edildi.
  8. Demir ỳoluň geçýän ugry boýunça tokaý ösdüriş şertleri öwrenildi we her çöl tipiniň özüne laýyk geçirilmeli fitomeliorasiýa çäreleri bellenildi. Demir ýol stansiýalaryň golaýynda bagy-bossançylygy ösdürmek boýunça hem teklipler işlenip düzüldi.
  9. Demir ýoluň ugrunda ekologiýany arassa saklamak boýunça birnäçe tebigaty goramak boýunça teklipler taýýarlandy.

Tebigaty goramak boýunça hödürlenilýän teklipler şu aşakdakylar degişli:

• Demir ýoluň ugrundaky tebigy ýadygärlikleriň we relýefiň, gadymy derýa hanalarynyň, çulbalaryň (ada şekilli dagjagazlaryň), gyrlaryň öňki durkuny saklamaga çalyşmaly;
• Demir ýoluň gurluşygy alnyp barylýan we ulanylýan döwründe onuň golaýyndaky öri meýdanlaryna, toprak we ösümlik örtügine, agrolandşaftlara mümkin boldugyça az şikes ýetirilmelidir;
• Demir ỳoluň ugrundaky ozalky tebigy toplumy dikeltmek maksady bilen, toýunsow we beýleki topraklaryň üsti bozulyp, ösümlik örtügi ýok edilen meýdanlarynda, şol ýerlere häsiýetli ösümlikleriň (kemrud ýowşany, santolin ýowşany, titir, kewreýik we beýl.) tohumlary ekilmelidir. Şorluklarda we ýerasty suwlarynyň golaý ýerleşen (çuňlugy 0-1,5 m) ýerlerinde ýylgyn, toraňňy, şora, garak, guşgözi, ojar ösümliklerini ekmek teklip edilýär;
• Çäge berkidiji serişde hökmünde himiki birleşmeler, şepbeşik, gabyk emele getiriji serişdeler ulanylanda olaryň ekologik taýdan zyýansyz görnüşlerini saýlap almaly;
• Demir ýoluň ugrunda döredilýän emeli tokaý ekinlerini çapylmakdan, mal bakylmagyndan we ulag sürlüp zaýalamagyndan goramaly;
• Gorag üçin ekilen çölüň gyrymsy agaçlary, stansiýalarda bagy-bossan hem gorag zolagy üçin käbir miweli we saýaly agaçlar zyýankeş mör-möjeklerden hem-de kesellerden goralanda himiki we biologiki usullary utgaşdyrmaly, ýagny integrirlenen usuly ulanmaly, zäherli birleşmelerden gaça durmaly;
• Çäge syramak howpy bar bolan ýerlerde demir ỳoluň ugrunda duş gelýän ýerli tebigy serişdeleri, ýagny, çulbalardaky maýda daşlary we beýleki ownuk maddalary çäge berkitmekde ulanmak hödürlenýär. Munuň sebäbi, olaryň düzüminde 35-40% çenli toýun we beýleki sowrulma hadysasyna durnukly bölejikleriň barlygydyr;
• Mehaniki goraglary demir ýola 10-15 m-den golaý oturtmak nädogrudyr. Şeýle hem olar fitomeliorasiýa çäreleri bilen utgaşyklykda oňat netije berýändigi göz öňünde tutulmalydyr;
• Demir ỳoluň ugrundaky çäge çölünde her tarapdan 250-500 m-e çenli gorag zolagyny döretmek zerurdyr. Bu zolakda mal bakylmagyny we odun taýýarlanylmagyny gadagan etmeli;
• Demir ỳoluň ugrundaky stansiýalaryň daş-töwereklerinde bag-bossanly meýdançalar döredilmelidir, olarda dürli çöl we medeni landşaftlaryň miweli, saýaly we bezeg ösümlikleriniň giň assortimenti ekilip, geljekki döwür üçin olaryň has oňat netije berjek görnüşleri ýüze çykarylmalydyr;
• Demir ỳoluň ulanylýan wagtlarynda “şpal gutularynyň”, ýagny rels bilen şpallaryň we ýol seňňeriniň arasyndaky boşluklaryň açyk bolmagyny üpjün etmeli; Süýşýän aklaň şekilleri ýokarda agzalan maddalardan edilen zolaklary olaryň alynky eňňitlerinde, ýagny, çägäniň süýşýän ugrunyň keseligine (perpendikulýar) döredilip, çägäniň üsti ýeliň täsirine durnukly edilýär. Geçirilen meýdan barlaglaryň görkezişi ýaly, zolaklaryň arasynda ýatan çägeler çäkli çuňluga çenli köwülýär.

Çäge syramagyndan hem-de ýel köwmeginden goramakda aşakdaky usul üns berilmegine mynasypdyr. Bu usulda baş ýörelge – ýola gelýän çägeli ýel akymyndaky çägeleriň ýoluň üstünde toplanman geçmegini üpjün etmäge esaslanýandyr. Çägäniň ýoldan toplanman geçmegi belli bir şertleriň döredilmegi netijesinde mümkindir. Şol şertler bolmasa çäge çägeli ýel akymyndan ilki ýoluň ýapgydyna we gyrasyna, soňra-da onuň geçilýän bölegine gaçýar. Çägeleriň ýolda üýşmeginiň esasy sebäbi, çägeli ýel akymynyň tizliginiň peselmegidir. Mysal üçin, ýeriň üstünden 1m belentlikde ölçelen ýeliň tizligi bary-ýogy 0,1 m/sek, ýagny, aýdaly 8 m/sek-dan 7,9 m/sek-a çenli aşak düşende, ýel bilen göçýän çägäniň mukdary 100%-den 92,7%-e çenli peselýär. Şeýlelikde, tizligiň 0,1 m/sek peselmegi ýoluň geçilýän bölegine gaçýan çägäniň mukdarynyň 7,3% bolmagyna getirdi. Gözegçiliklerde bellenilişine görä, çäge göçüp barýarka, onuň dänejikleri ýeriň üstünden näçe ýokary bökse, olar ýolda toplanman, ýel bilen şonça-da uzaga äkidilýändir.

Çägeli ýel akymynyň hereket edýän ýer üstüniň maýyşgak häsiýetleri dikeltme koeffisiýenti arkaly kesgitlenilýär. Şonuň üçin, ýoluň öň ýanynda gowy maýyşgak häsiýetli örtük döredilende çägäniň ýola toplanman göçmegini gazanmak we şunlukda ýoly çäge syramagyndan goramak mümkindir. Ýoluň ýapgytlarynyň çägeli ýel akymynyň hereketiniň energiýasyny kän peseltmeýän çeýe örtük bilen berkidilişi gözenek çyzyklar bilen görkezilendir. Şeýle usuly ulanmak arkaly çägäniň ýoluň üstünde toplanman göçmegini gazanmak bolar.

Demir we awtomobil ýollarynyň gyralarynda ýel eroziýasynyň, ýagny çäge süýşmeleriniň täsirinden goramak üçin biologik usul ulanylanda, ýoluň her tarapy boýunça 150 metr giňlikde çäk alynýar (1-nji surat). Güýz aýlarynda ýurdumyzyň gurak yssy howa şertlerine we suwsuzlyga çydamly bolan çerkez (Salsola richteri), ojar (Haloxylon aphyllum), sazak (Haloxyion persigum), borjak (Ephedra strobilacea), selin (Stipagrostis) ýaly ösümlikleri hatarlaýyn görnüşinde hem-de düýp aralyklary degişlilikde 2 m edilip, atanaklaýyn oturtmaklyk maslahat berilýär.

Demir we awtomobil ýollarynyň gyralarynda bu ösümlikler oturdylan ýagdaýynda, olar ýollary çäge süýşmelerinden, ýagny ýel eroziýasyndan goramaga ukyby bolar. Şeýle hem türkmen sähralary adaty, owadan peýzaža eýe bolar, adamzat jemgyýeti üçin ekologik arassa howany emele getirer. Ýagny, kömürturşy gazyny özüne siňdirip, kislorody işläp çykarar we tozanlary özünde siňdirer. Çölleşme hadysalarynyň belli bir derejede öňi alnar we halk hojalygynyň hemme pudaklarynda tebigatdan oýlanyşykly peýdalanmak mümkinçilikleri dörär. Tokaý hojalyk ýerleriň möçberini artdyrmak, medenileşdirilen öri meýdanlary döretmek we ekologik çäreleri durmuşa geçirmek işlerine belli bir derejede ýardam berer.

Enwer MEREDOW,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok