Türki halklaryň halkara guramasy TÜRKSOÝ türki halklary ýa-da döwletleri birleşdirýän halkara guramadyr. Guramanyň esasy maksady ýas nesillere türki halklaryň umumy gymmatlyklaryny, ýadygärliklerini we medeni baýlyklaryny geljekde gorap saklamagy öwretmekden ybarat. 1993-nji ýylda Gazagystanyň Almata şäherinde bu guramanyň düýbi tutulýar. Häzirki wagtda Türkiýäniň Ankara şäherinde Ştab-kwartirasy ýerleşmek bilen resmi dilleri rus, iňlis, türk dillerdir. Guramanyň düzüminde 6 sany agza döwletler ýagny, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan we Türkiýe bardyr. Eýýäm däp bolup galyşy ýaly Gurama agza döwletlerde her ýyl bir şäher türki dünýäsiniň medeni paýtagty yglan edilýär.
Belli bolşy ýaly, şu ýyl Ahal welaýatyndaky Änew şäheri türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Şol mynasybetli şu ýylyň mart aýynda Änew şäherinde türki halklaryň belli aýdymçylarynyň konsertleri, türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergileri gurnalar.
Aýjahan ANNAKULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler