Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze ýylyň öňüsyrasynda halkymyza sowgat eden ilkinji kitaby ýagny “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşydyrylyş dabarasy boldy. Dabaranyň başynda institutyň halypa mugallymlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitabyny alnyna sylyp aldylar we kitabyň mazmuny hakynda manyly çykyşlary etdiler. Soňra institutyň mugallymlarynyň kitabyň bölümleri hakynda taýýarlan çykyşlaryna tomaşa edildi.

Bagtyýar talyp ýaşlaryň täze kitap baradaky buýsançly çykyşlary dabaranyň many-mazmunyny hasam artdyrdy.

Dabaranyň dowamynda institutyň “Altyn miras” aýdym-saz toparynyň aýdymlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan adalatly syýasatlarynyň waspy giňden ýaňlandy.

Institutyň mugallymlary we talyplary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Oguş AMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok