Saud Arabystanda ýene bir “Älem diňi”

Saud Arabystan özüniň üýtgeşik binagärçilik sungaty bilen dünýä ýüzüni haýrana goýmagyny dowam edýär. Bu ýurtda bina edilýän her bir desga Ginnesiň Rekordlar kitabyna girmäge bäs edýär. Häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän ägirt desga bolsa The Line diýlip atlandyrylýar. Ilki başda beýle desganyň gurlup bilinjegine dünýä ýüzünden birnäçe ynanmazçylyklar döräpdi. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gurluşygyna badalga berlen ägirt taslama 2025-nji tomusynda ulanylmaga beriler. The Line-niň beýikligi 500 metr eýeleýän meýdany bolsa 170 kilometre barabar bolmagyna garaşylýar. 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan 2023-nji ýylyň dekabra aýyna çenli bu binanyň gurluşygyna taýýarlyk görüldi. Gurluşyk işleri häzirki wagtda diňe bir binanyň täsinligi bilen däl-de eýsem gurluşyk işleriniň çalt dowam etdirilişi bilen hem hemmäni geň galdyrýar.

Arap ýarym adasynda täze döredilýän Neom şäheriniň esasy bolmaly The Line taslamasyna 1 trillion amerikan dollary möçberinde maýa goýum goýuldy. Ägirt taslamanyň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip bolandan soň täze şäherde 9 million adam iş bilen üpjün ediler.

Ýöne bu ägirt taslamanyň ekologiýa howp salýan taraplarynyň hem üstünde durup geçeliň. Tebigaty öwrenijileriň aýtmagyna görä bu ýerde ýaşaýan birnäçe guşlaryň we haýwanlaryň başga ýerlere hemişelik göçüp gitmek howpy bar. Emeli gün şöhleleriniň, energiýanyň çeşmeleriniň, emeli kölegeleriň we emeli usulda şemallaryň döredilmegi ekologiki howpy has-da artdyrýar.

Birnäçe kynçylyklaryna seretmezden Saud Arabystan döwleti The Line taslamasyny üstünlikli tamamlajakdygyna ynanýar. Gyzyl deňizden Tabuk şäherine çenli aralykda döredilmeli täze Neom şäheriniň birinji tapgyry 2025-nji ýylda ulanylmaga beriler.

Gülsenem BABAJANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok