Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikleriň şaýady bolýarys. Türkmen halkynyň aýratyn hem ýaş nesilleriň durmuşynda taryhy wakalara baý bolan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” üstünlikli tamamlanyp, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna gadam basdyk. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Şatlykly wakalara we dabaralara beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaşlaryň ýyly bolup, olaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ata Watanymyz Türkmenistan döwleti içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlarynda uly üstünliklere beslendi, ýurdumyzda giň gerimli işler amala aşyryldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen yglan edilen “Pahim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy belleniler. Bize mälim bolşy ýaly Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna, beýik akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda YUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna hem goşuldy. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymguly Pyragynyň şahsyýetini, döredijiligini belende galdyrmakda hem-de dünýä tanatmakda bitiren tagallalarynyň netijesidir. Muny biz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp goşgysynda hem görýäris.
Bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, döretmegi, zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli işleri üstünliklere beslensin!
Öwezmyrat ŞAJYKOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler