Haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi

2024-nji ýylyň 8-11-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde “Haj we umra hyzmatlary” atly maslahaty we sergisi geçirildi. Oňa 80-den gowrak ýurtdan wekiliýetler gatnaşdy.

Türkmen tarapyndan bu maslahatyň işine Türkmenistanyň Müftüsi Ý.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Bu çäräniň maksady zyýaratçylar üçin has amatly şertleri döretmek hem-de dini we medeni tejribelerini baýlaşdyrmak.

Agzalan çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2024-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2023-nji ýylyň haj möwsüminde 2312 sany ildeşlerimiz haj parzyny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystany Patyşalygyna gidipdi.

Merjen AÝDOGDYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok