Türkmen modelýerleriniň taýýarlan lybaslarynyň görkezilişi boldy

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimligi we paýtagtyň modalar öýi bilen bilelikde guralan esasy türkmen modelýerleriniň taýýarlan lybaslarynyň görkezilişi hepdäniň esasy ara alnyp maslahatlaşylan wakasy boldy.

Gözden geçiriliş sahnasyna ilki bilen ýurdumyzyň meşhur sungat işgärleri, döredijilik hünärleriniň wekilleri hem-de olaryň daşary ýurtly kärdeşleri geldiler. Myhmanlaryň hatarynda «Route De La Soie Et Al-Andalus» fransuz modalar assosiasiýasynyň prezidenti, «Oriental Fashion Show» atly moda görkezilişini guraýjy Hind Žudar, suratçy Žak Tamosini hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa bar.

«Aşgabat», «Mähirli Zenan», «Nur Ýüpek» we «Peýker» modalar öýleriniň dizaýnerleri ýurdumyzyň baş modalar meýdançasynda milli äheňde döredilen täze toplumlaryny görkezdiler.

Mundan başga-da, taýýar egin-eşik nusgalarynyň çäklerinde «Dizaýn plýus» döredijilik birleşmesiniň ussat tikinçileriniň taýýarlan önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Myhmanlar we çärä gatnaşyjylar milli öwüşginlerde el bilen döredilen özboluşly işler bilen tanyşdylar.

Selim ÇARYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok