Terjimeçilik – özboluşly sungat

Häzirki wagtda Ýer ýüzünde terjimeçilik işine örän uly üns berilýär. Sebäbi terjimeçilik maglumat alyşmakda, milletleriň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary alyp barmakda möhüm hasaplanýar. Terjime etmek hem-de terjimeçilik hünäri daşary ýurtlularyň diline, edebiýatyna, medeniýetine düşünmegi talap edýär. Her ýylyň 30-njy sentýabry Halkara terjime güni hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 24-nji maýynda geçiren 71-nji sessiýasynda bu halkara gününi ykrar etmek barada Karar kabul edilýär. Halkara terjime güni her ýyl özboluşly şygar astynda bellenilip geçilýär.

Terjimeçilik işi özboluşly sungaty ýada salýar. Terjime edilýän eseriň has gyzykly, çeper bolmagy üçin terjimeçi şirinden-şirin, şireli we owadan sözleri ulanmaga çalyşýar. Ussat edebiýat terjimeçileriniň bellemegine görä, terjimäniň şowly çykmagy üçin iki dili hem suwara bilmek hökmanydyr.

Häzirki ylmyň we tehnikanyň diýseň tiz ösmegi netijesinde terjimeçiligi sanly ulgamdan hem, sözlük kitaplaryndan hem öwrenmek bolýar. Iň esasy bolsa terjimeçiniň söz baýlygynyň kämilligi, sözleriň many-mazmunyna çuňňur düşünmegi gerekdir. Çünki edebi terjimede sözleri terjime etmek däl-de, eýsem, nakyllary, durnukly söz düzümlerini hem terjime etmeli bolýar. Şunda hem terjimeçiniň söz baýlygy oňat ýardam edýär. Şeýle hem ussat terjimeçiler ene diliniň we daşary ýurt diliniň sözlem gurluşyna aýratyn üns berýärler. Munuň özi hem pikiriň düşnükli bolmagyna, terjimäniň has-da kämilleşmegine oňat ýardam berýär.

Selbi HAJYGURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok