Üstünlikli tamamlanan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çig mallaryň 489 müň 684 tonnasy gaýtadan işlenilip, 413 müň tonnadan gowrak önüm öndürildi. Ýyl boýunça meýilnamalara degişlilikde agram hasabynda 110,7 we 100,2 göterim ýerine ýetirildi.
Soňky ýyllarda amala aşyrylan taslamalaryň netijesinde ykdysadyýetiň möhüm pudagy hasaplanýan çig maly gaýtadan işleýän bu kärhanada düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi, önümçiligiň möçberiniň artmagyna we öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berdi.
TDH-nyň berýän maglumatyna görä bu kärhanada öndürilen harytlyk önümleriň 230 müň 390 tonnadan gowragy A-95, A-92 hem-de A-80 kysymly benzin, 123 müň 680 tonna golaý dizel ýangyjynyň öndürildi. Şeýle-de dekabr-ýanwar aýlarynda jemi 30 müň 65 tonna golaý agyr wakuum gazoýly, 5 müň 375 tonna mazut, 22 müň 680 tonna golaý ýol bitumy öndürilipdir.
Kärhanada öndürilýän önümler Özbegistan, Owganystan, Gruziýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletlere eksport edilýär. Döwrebap enjamlar ornaşdyrylmagy bilen kärhanada öndürilýän önümlere bolan isleg hem artdy.
Ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda gaýtadan işleýän pudaklara, daşary ýurtlaryň islegi artdy. Daşarky bazara çykarylýan harytlaryň hili has hem ýokarlandy. Bu bolsa ýeri gelende ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has hem ýokarlanmagyna itergi berer.
Akmuhammet Mämmedow,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler