Meşhur «Al Sharq» gazetinde Türkmen ilçisiniň makalasy çap edildi

Arap dünýäsiniň iň meşhur neşirleriniň biri bolan «Al Sharq» gazetinde Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedowyň 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrlmagyna bagyşlanan makalasy çap edildi.

Türkmen diplomaty öz makalasynda şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän beýik akyldaryň we şahyryň döredijilik mirasynyň möhüm ornuny nygtaýar. Makalada Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi Magtymgula dünýä derejesinde goýulýan uly sarpanyň nyşany hökmünde görkezilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Al Sharq» arap dilinde çap edilýän gündelik neşir bolup, ol arap ýurtlarynyň iň gowy gazetleriniň üçlügine girýär hem-de Katarda iň köp tiražly gazet hasaplanýar.

Meýlis BAGTYÝAROW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok