«Ekologiýa howpsuzlygy» atly okuw kitaby taýýarlandy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasion ylmy-okuw merkezi tarapyndan «Ekologiýa howpsuzlygy» atly okuw kitaby taýýarlady. Bu okuw kitaby ekologiýa howpsuzlygy meselesinde hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň dowamydyr. 2023-nji ýyldan bäri Türkmenistanda ilkinji gezek ylmy-okuw merkezi bu ugurda talyplar, diňleýjiler we inženerçilik ugrunyň hünärmenleri üçin sapaklary geçirýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan bu maksatnama, nebit-gaz toplumy we geologiýa boýunça hünärmenleri taýýarlamak, nebit önümlerini öndürmek, nebiti gaýtadan işleýän desgalaryň işi we suwuklandyrylan tebigy gaz öndürmek ýaly ugurlara esaslanýar.

Merkez ylmy-tehniki meseleleri çözmäge, uniwersitetler tarapyndan işlenip düzülen innowasiýalaryň önümçiligini giňeltmäge we ykdysady pudaklardaky kärhanalar bilen täze ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge gatnaşýar.

Maksat ÇARYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok