Ýurdumyzda Täze ýylda ilkinji bäbejik Arkadag şäherinde dünýä indi

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda badalga alan 2024-nji ýylyň ilkinji günleriniň şatlykly habarlarynyň biri hem täze ýylyň ilkinji bäbeginiň dünýä inmegi boldy. Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde doglan bu oglanjyga onuň ata-enesi Arkadag diýip at goýdular. Çaganyň agramy 4 kilogram 230 gram we boýy 54 santimetr ölçeglerde bellige alyndy. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, onuň saglyk ýagdaýlary kanagatlanarly.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmenaragatnaşyk” müdirliginiň önümçilik-dispetçer gullugynyň dispetçeri Sapardurdy we Ogulabat Kakageldiýewleriň maşgalasynda perzendiň dünýä inmegi mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň bu bagtyýar maşgala iberen ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylyp, gutlaglar aýdyldy. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinden bolan maşgalada bu eýýäm üçünji perzent. Üçünji perzendiň ejesi bolmak bagty miýesser eden Ogulabat ejäniň ýüzünde şatlyk duýgulary püre-pürdi.

Asuda, abadan ýurdumyzda halal zähmet çekip, bagtyýar döwrümize buýsanyp ýaşaýan ata-ene täze — 2024-nji ýylda maşgalalaryna ogul bäbejigiň gelmegini döwletlilik hasaplaýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dünýä inen üçünji perzentleriniň il-güne ýaramly adam bolmagyny arzuw edýärler.

Gültäç ARAZMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok