Türkmenistanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda sammit geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem maý aýynda medeniýet ministrleriniň halkara maslahaty geçiriler. Bu barada ýakynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleriniň, deputatlaryň we halkymyzyň 2024-nji ýylyň şygary hem-de nyşany baradaky teklibini makullap, 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdi we degişli nyşany tassyklady. Bu çözgüt Gündogaryň beýik akyldarynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp kabul edildi.

Şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda, daşary döwletlerde türkmen halkynyň beýik oglunyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan köp sanly ylmy-medeni hem-de beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Aýjahan BORJAKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok