Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli bilim ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär, ýaşlaryň ylym-döredijilik bilen meşgullanmaklary hem-de halkara bilim giňişliginde ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin strategiýasynda”, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalarynyň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.
Şu ýylyň 3-8-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasyny, 15-20-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny hem-de 19-njy aprelde bu ýokary okuw mekdebinde informatika dersi boýunça meýilleşdirilýän bäsleşigiň çäklerinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda hem-de halkara bäsleşiklerini ýokary derejede geçirmek babatynda toplanylan tejribä daýanyp, şol olimpiadalara türkmen talyplary bilen bir hatarda Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Belarusyň, Italiýanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň, şeýle hem beýleki birnäçe döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem işjeň gatnaşmaklaryna garaşylýar. Bu halkara olimpiadalarynda ýeňiji bolan talyplary dürli derejeli medallar we diplomlar bilen sylaglamak göz öňünde tutulýar.
Halkara bäsleşikleriniň geçirilmegi ýurdumyzyň halkara ylym we bilim giňişligindäki ornuny pugtalandyrmak bilen birlikde Watanymyzyň geljegini gurujylar bolan ýaşlaryň öňdebaryjy ylymlara we bilimlere höwesini has-da artdyrar, şeýle hem özara tejribeleriň alşylmagyna ýardam eder. Daşary ýurt talyplaryň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlar üçin döredilýän döwrebap şertler hem-de bilim işiniň guralyşy bilen ýakyndan tanyşdyrylar, Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençler guralar.
Atamuhammet ÝAGMYROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler