Türkmeniň adyny arşa galdyran

Türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragy gündogar edebiýatynda hem özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyrmagy başarýar. Beýik şahyryň şygryýet dünýäsinde türkmen halkynyň durmuşy öz aýdyň beýanyny tapypdyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary durmuşda dogry ýoly salgy berýän özboluşly ýol-ýörelgedir. Ol öz döredijilik işine ýaşlykdan başlapdyr. Goşgy düzmekde köp zady kakasy bolan Döwletmämmet Azadydan öwrenipdir.

Magtymguly goşgularyny köpçüligiň üýşen ýerinde, toý-meýlisler okap berip, adamlary gahrymançylyga, ar-namysly, hüşgär bolmaklyga çagyrypdyr. Gynansakda şahyryň öz golýazmalary bize gelip ýetmändir. Magtymguly köp şygyrlaryny Pyragy lakamy bilen düzüpdir. Onuň döredijiligi XVIII asyr türkmen durmuşyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Magtymguly şygyrlary, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, sosial-deňsizlik, yşky-liriki, dostluk barada gumanistik ideýalarda ýazypdyr.

Şahyryň öz döredijiliginde adamlarda oňat häsiýetleri terbiýelemek we olara öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlar düzüpdir. Bu temadan Magtymguly “Janyna degmez”, “Durasyň geler”, “Ýör biläni”, “Il ýagşy”, “Zor bolar”, “Bolar sen”, “Aýrylma” ýaly onlarça şygyr ýazypdyr. Şahyr bu goşgularynda döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, namartlary ýaňsa alypdyr.

Magtymguly dagynyk ýaşan türkmen taýpalaryny birleşdirip bitewi bir döwlet döretmek isläpdir. Bu ideýa şahyryň “Türkmeniň”, “Döker bolduk ýaşymyz”, “Türkmen binasy” ýaly şygyrlarynda öz beýanyny tapýar.

Akyldar şahyr dostluk, söýgi temasyndan hem birtopar goşgy ýazypdyr. Bu temadan onuň «Gözel sen», «Gülzardan aýryldym», «Uýat eýleýir», «Bu derdi», «Boýlaryňa», «Durasyň geler» ýaly ençeme goşgulary bar. Magtymguly yşky-liriki temada ýazan goşgularynda öz söýgülisi Meňli bilen baglanyşykly düzüpdir.

Magtymguly öz döwürdeşlerine we özünden soňky ýetişen şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edipdir. Bu täsir, ylaýta-da Zeliliniň, serkerde şahyr Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijiliginde görünýär.

Magtymguly Pyragy Atasary diýilýän çeşmäniň boýunda, Soňudagynyň ýanynda aradan çykýar. Ony kakasynyň ýanynda “Garry molla” gonamçylygynda jaýlapdyrlar.

Ogulşat BABATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok