Sagdyn bedende — sagdyn ruh

Sagdynlygyň esasy gözbaşy hereket hasaplanýar. Saglyk – bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Saglyk — ýaşaýyş. Ýaşaýşy bolsa hereketsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin her bir adam ýaşyna garamazdan hereketde bolmaly. Hereketiň adam bedenini taplamakda, berkitmekde ähmiýeti uludyr.

Adam bedeni üçin fiziki maşklar peýdalydyr. Ýaşaýşyň gözelligi, asudalygy, bagtyýarlygy bolsa saglykdan başlanýar. Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün etmek bilen, onuň işjeňligini artdyrýar. Fiziki maşklar adam bedenine diňe bir gözellik bermän, ýadawlygy aýryp, saglygy berkidýär we ýürek-damar, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar. Mundan başga-da, gan aýlanyşygyny sazlaşdyrýar.

Adam bedenine peýdaly hereketleriň biri hem welosiped sürmekdir. Welosiped sürmek adamyň aýaklarynyň myşsalaryny berkitmäge ýardam berýär we olaryň çydamlylygyny artdyrýar. Şeýle hem gany kislorod bilen baýlaşdyrýar. Mundan başga-da, sportuň bu görnüşi göreç üçin hem peýdalydyr. Sebäbi uzaga seredip, daşdaky bir zada gözüňi dikmek göz myşsalarynyň berkemegine ýardam berýär. Welosiped sürlende hökman onuň düzgünlerini berk berjaý etmeli. Onuň üstünde dogry oturmak möhümdir. Welosiped sürmekçi bolýan adamlaryň öz saglyk ýagdaýy durnukly bolmasa, lukman bilen maslahatlaşmalydyr. Ýaramaz howa bolanda ýa-da özüňizi erbet duýsaňyz, türgenleşikden saklanmalydyr.

Welosipedli gezelenç etmek isleseňiz welosipediňiz gurat, abat, öz boýuňyza görä saýlanmalydyr, geýen eşikleriňiz rahat bolmalydyr. Ýene-de bellemeli zatlaryň biri, agyr keseli başdan geçirenler, ýaşuly adamlar bu meselede hökman lukmanlar bilen maslahatlaşmalydyrlar.

Selbi NARYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok