Magtymguly Pyragynyň ýubileýi — dünýäniň şanly senesi

Gündogar edebiýatynyň ägirt söz ussatlary barada söhbet açylanda, ilki bilen, türkmen halkynyň beýik ogly, Hakdan içen şahyr Magtymguly Pyragynyň nurana keşbi bada-bat göz öňünde janlanýar. Ol öz döwrüniň gowgalarynyň, çylşyrymly durmuşynyň zarby astynda il-güni bilen şatlyk-gaýgysyny paýlaşan, agyr ýüküni çekişen, halky ýagty ertirlere ruhlandyran dana şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň her bir ýaraly ýürege derman bolan ajaýyp eserleri ynsanlaryň kalbyny Gün kimin çoýup, ýagty geljege umyt-ynamyny artdyrypdyr.

Bilşimiz ýaly, geljek 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli halkara derejede birnäçe çäreler geçiriler. Beýik akyldaryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem gymmatly edebi mirasyny düýpli öwrenmek bilen, ylmy monografiýalary ýazmak, kitaplary taýýarlamak, makalalar hem goşgular ýygyndylaryny çap etmek, «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny», «Magtymguly portalyny» döretmek we ony neşir etdirmek ýaly ençeme işleri berjaý etmeklige girişildi. Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine, şöhratly taryhymyza degişli dünýäniň golýazma hazynalarynda, kitaphanalarynda saklanýan çeşmeleri, golýazma eserleri gözlemek, tapmak, olaryň degişli nusgalaryny Türkmenistana getirmek maksady bilen, daşary ýurtlara ylmy-döredijilik iş saparlary guraldy. Şu ýylyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň eserlerine, ömrüne we döredijiligine, türkmen halkynyň edebiýatyna, taryhyna degişli Russiýanyň, Özbegistanyň, Wengriýanyň we Täjigistanyň golýazma hazynalarynda, kitaphanalarynda saklanýan çeşmeleri, golýazma eserleri gözlemek, tapmak, olaryň elektron we mikrofilm nusgalaryny ýurdumyza getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary birnäçe ylmy-döredijilik iş saparlarynda boldular. Şol saparlaryň netijesinde, türkmen edebiýatyna, taryhyna degişli jemi 200-e golaý golýazmanyň elektron nusgasy ýurdumyza getirildi. Şolaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň hem bolmagy guwandyryjydyr.

Türkmeniň synmajak ruhy sütünine öwrülen şahyryň hormatyna asman bilen Zemin arasynda ajaýyp we kaşaň ýadygärlik gurduryp, akyldaryň baky paýhasyny adamzat geljegine nur eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Ejegül ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok