Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine aýratyn üns berilýär

Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň hasabyna işleýän energetika önümçiligini ösdürmegiň zerurdygy göz öňünde tutulyp, elektrik pudagynyň bu ugruna aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Onuň gurluşygy «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitlerini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirilmegiň çäklerinde amala aşyrylýar.

Täze elektrik stansiýalary sebitde dörediljek ilatly ýerleriň elektrik üpjünçiligini has-da gowulandyryp, daşarky bazarlara çykarylýan elektrik energiýasynyň möçberlerini düýpli artdyrmaga şertleri döreder.

Ýeri gelende belläp geçsek, geçen ýylyň noýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynda önümçilik kuwwaty 1574 megawata deň bolan gaz we bug dolanyşygynda işlejek döwrebap elektrik stansiýasynyň düýbi tutuldy. Bu iri desga Türkmenistanda gurulýan kuwwatly we döwrebap elektrik stansiýalarynyň ikinjisi bolup durýar.

Energetika pudagyndaky döwrebap desgalar ýurdumyzda galyndysyz önümçiligi ýola goýmaga, daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň möçberlerini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.

Merdan MUHAMMETGULYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok